Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi açyk görnüşli halkara tender yglan edýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Türkmenistanyň çäginde ferrosplawlary (kremniýniň we demiriň splawy, kremniý karbidi we tehniki kremniý) öndürýän zawodynyň gurluşygy boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak üçin açyk görnüşli halkara tenderiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 225 ABŞ dollary GBüS tölegi) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabuledilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdelerigeçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 39-00-33
+993 12 39-00-17
+993 12 39-00-21