04.05.2024
14.06.2024

“Türkmennebit” DK elektron maglumat bazasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny kämilleşdirmek boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan “Türkmennebit” Döwlet konserniniň dolandyryş merkezinde sanly tehnologiýalarynyň esasynda elektron maglumat bazasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny kämilleşdirmek we täze ulgamlary ornaşdyrmak üçin işleriň doly toplumynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça №131 belgili halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Zerur maglumatlary şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgileri:

+993 12 40-36-21

+993 12 40-36-74

Faks:

+993 12 40-39-90

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022