21.05.2024
27.05.2024

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy ulag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy 2024-nji ýyl üçin ulag serişdelerini satyn almak boýunça № CIT-24008-MR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada hem-de onuň alyp barýan işewürligi umumy maglumat:
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde ulag serişdeleri bilen üpjün etmekde iş tejribesi;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 1 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Şasoltan Hasanowa

Telefon belgisi: +993-12-44-52-00 (5701)

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022