22.05.2024
20.06.2024

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi çörek we çörek önümlerini öndürýän zawodlary gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi çörek we çörek önümlerini öndürýän iki sany zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot No.1 - Aşgabat şäherinde ýyllyk önümçilik kuwwaty 15 000 tonna bolan galypda taýýarlanylan çöregi, ýyllyk kuwwaty 14 500 tonna bolan türkmen milli çöregini, ýyllyk kuwwaty 500 tonna bolan çörek we konditer önümlerini we ýyllyk kuwwaty 600 tonna bolan gury hamyrmaýa taýýarlaýan zawodyň gurluşygy

Lot No.2 - Aşgabat şäherinde ýyllyk önümçilik kuwwaty 15 000 tonna bolan galypda taýýarlanylan çöregi, ýyllyk kuwwaty 14 500 tonna bolan türkmen milli çöregini, ýyllyk kuwwaty 500 tonna bolan çörek we konditer önümlerini we ýyllyk kuwwaty 600 tonna bolan gury hamyrmaýa taýýarlaýan zawodyň gurluşygy

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • her lot üçin töleg tölenenden soň tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • lotlaryň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly.

Bäsleşik teklipleri birleşigiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 44-76-67

(+99312) 44-76-50

Aşgabat, Arçabil Şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022