28.05.2024
01.07.2024

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi ýokary takykly geodeziki enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tender toparynyň adyndan ýeňil awtoulaglary, kompýuterleri we ulgamlaýyn aragatnaşyk enjamlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýer serişdeleri gullugy üçin ýokary takykly geodeziki enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • “Ýeňil awtoulaglar, kompýuterler we ulgamlaýyn aragatnaşyk enjamlar, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýer serişdeleri gullugy üçin ýokary takykly geodeziki enjamlar bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-77-46

+993 12 44-77-47

+993 12 44-74-70

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022