29.05.2024
27.06.2024

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №26 — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň tabynlygyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw kliniki merkezine, Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezine hem-de Göz keselleri ylmy kliniki merkezine lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 40-04-79

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022