27.06.2024
06.07.2024

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki reagentleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy uglewodorod esasly buraw erginleri üçin himiki reagentleri (bentonit, hrompik) satyn almak boýunça Russiýanyň pul birliginde (rublda) we manatda №2024/20 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş www.oilgas.gov.tm saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Tehniki soraglar boýunça:

+993 65 81 70 29

Elektron salgysy:

IgolkinAV@tatneft.ru

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022