23.08.2024
07.10.2024

“Demirýollary” AGPJ demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-043 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär:

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • lot üçin 200 amerikan dollary möçberde (şol sanda 26,086 amerikan dollary - GBS) tölegi tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 306 otagda (3-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 38-36-00

Faks:

+993 12 38-31-03

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022