07.11.2024
20.11.2024

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 nasos bloklary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 nasos bloklary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça Russiýanyň pul birliginde (rublda) we manatda №2024/43 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin MTO inženerine şu telefon arkaly ýüz tutup bilersiňiz: +993-65-83-18-99 ýa-da Baş mehanige şu telefon arkaly: +993-62-31-41-09.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022