Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
TDHÇMB
05.02.2025
18.02.2025
"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy inženerçilik hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy inženerçilik hyzmatlaryny bermek boýunça tendere gatnaşmaga çagyrýar:
- PCTSB/SA/0125/017 - BUKJA A – PÇ(T)SB-niň «Ýaşaýyş üçin Suw» taslamasynyň II tapgyry boýunça inženerçilik hyzmatlaryny bermek
- PCTSB/SA/0125/017 - BUKJA B – PÇ(T)SB-niň Guwlymaýak taslamasynyň çäklerinde 4-nji çagalar bagyny abatlamak boýunça inženerçilik hyzmatlaryny bermek
Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:
- tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
- arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
- Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
- bu ugurdaky iş tejribesi barada maglumat
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.
Elektron salgysy:
tender_secretarytkm27@petronas.com.my
Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 (“B” Blok)
Bulary hem okaň