TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: geleşikler 222 million manatdan geçdi

BT
TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: geleşikler 222 million manatdan geçdi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 222 million 14,2 müň manatlyk geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “BND 60/90” kysymly ýol nebit bitumyny, binýatlyk ýagyny, şeýle hem pagta ýüplügini we dokma önümlerini satyn aldylar.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gaz we portlandsement, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa dokma önümlerini satyn aldylar. Eksport geleşikleriniň umumy möçberi 250,680 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 21 geleşik hasaba alyndy.

2022