10.02.2025
19.02.2025

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan edýär

СNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ýerasty geçirijileriň (gaz we suw turbalarynyň) çuňlugyny düzetmek we üstüni ýapmak hyzmatlary boýunça № CIT-23075-SR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy we ygtyýarnamasy;
  • Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyryljak däldigine (ýa-da yzyna alynmajagyna), bankrotlyk yglan etmejegine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna kepil geçýän hat. Şeýle-de, şertnamaň ähli şertleriniň ýerine ýetirilmegine kepillik haty.
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli, şol sanda tassyklanan malive hasabatlary,girdejileri we cykdajylary barada maglumatlar;
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
  • Bu hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň we awtoulaglaryň elýeterliligi
  • Kompaniýanyň bu ugurda nebit-gaz ulgamynda soňky 3-5 ýylyň içinde ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat bermeli
  • Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy (diňe ýerli kompaniýalar üçin).

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993-12-44 50 44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022