Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
22.02.2025
08.04.2025
“Türkmengaz” DK SCADA ulgamyny ornaşdyrmak üçin halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär
“Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan “Türkmengazüpjünçiligiň” önümçilik proseslerine SMART hasaplaýjylary we SCADA ulgamyny ornaşdyrmak boýunça deslapky taslamany we tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär
Tendere gatnaşmak üçin:
- deslapky saýlama gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (Ýüz tutmalar diňe görkezilen ugurda tejribesi bolan kompaniýalardan kabul edilýär. Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan ýüz tutmalar kabul edilmeýär);
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
Bäsleşik resminamalary şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär.
Bäsleşik resminamalary aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 40-32-40
(+99312) 40-32-50
Faks:
(+99312) 40-32-59
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň