06.03.2025
19.03.2025

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýöriteleşdirilen ulaglar üçin atiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda we rublda XGMA XG955H kysymly frontal ýükleýji we CAT D8 kysymly buldozer üçin atiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça №2025/07 belgili tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Tender boýunça goşmaça maglumatlar üçin MTÖ inženeri +993-65-83-18-99 telefon belgisi arkaly, tehniki meseleler boýunça bolsa, baş mehanik bilen +993 62-74-18-80 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022