“Siemens Energy Global GmbH & Co. KG.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiliýeti tender yglan edýär
“Siemens Energy Global GmbH & Co. KG.” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiliýeti, ýokary hilli ofis enjamlary we ofis mebeli bilen üpjün etmek boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistandaky banklarda walyuta/multiwalýuta hasaby bolan, ýuridiki taýdan hasaba alnan, degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýarnamasy bolan ähli kärhanalar, hususy telekeçiler, firmalar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap 15 senenama gününiň içinde kabul edilýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärler aşakdaky resminamalary ibermelidirler:
- Tenderde gatnaşmak üçin arza.
- Hasaba alyş resminamalary:
- ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna resmi ýagdaýda bellige alyş resminamasy;
- gatnaşyjynyň hasaba alnanlygy barada şahadatnama we beýleki resmi bellige alyş resminamalary;
- patent (telekeçi üçin)
Arzalar we resminamalar aşakdaky elektron salgylaryna iberilmeli:
yoldash.jorayev@siemens-energy.com
d.torayev@nexia.tm
Üpjün edilmeli önümleriň sanawy ähli gatnaşyjylaryň elektron poçtasyna iberiler.
Goşmaça maglumat üçin, ýokarda görkezilen elekton salgylara ýazyp, habarlaşyp bilersiňiz.
Bellik:
Üpjün ediji saýlanandan soňra, ol “Siemens Energy Global GmbH & Co. KG.” kompaniýanyň Etika Kodeksi bilen tanyşmaly we oňa gol çekmeli. Kompaniýanyň Etika Kodeksi bilen şu salga geçip, tanşyp bilersiňiz.