Türkmenistanyň dokma kärhanalary Polşada geçiriljek “Fast Textile-2026” sergisine gatnaşar

BT
Türkmenistanyň dokma kärhanalary Polşada geçiriljek “Fast Textile-2026” sergisine gatnaşar
Polşada 2025-nji ýylyň 18–20-nji noýabrynda geçirilen “Fast Textile” halkara dokma sergisi. (Surat: “Fast Textile”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen dokma kärhanalarynyň Polşanyň Žguw şäherinde geçiriljek “Fast Textile – 2026” halkara sergisine gatnaşmagy baradaky teklibi makullady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dokma pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ol bu işleriň çäklerinde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşada geçiriljek “Fast Textile – 2026” halkara sergisine gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň fabrikleriniň hem-de ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli kärhanalaryň eksporta gönükdirilen önümlerini görkezmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen dokma kärhanalarynyň sergä gatnaşmagy baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС