“Daýhanbank” maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky elektron maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygyny berkitmek we maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Lot №1. Bankyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygyny berkitmek we maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, enjamlaryň logo ýazgylaryny saklamaga, seljermäge we gözegçilik etmäge hem-de dolandyrmaga mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen (SIEM) programma üpjünçiligini, bankara tor ulgamynyň maglumat goraglylygyny üpjün etmek üçin DLP (Data Lost Prevention) programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak.
Lot №2. Bankyň bankara tor ulgamynyň kiberhowpundan goraglylygyny üpjün etmek üçin NGFW gorag enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak.
Lot №3. Bankyň bank amallary programma üpjünçiliginiň maglumat binýadynyň (Exadata X5-2) serwer enjamyny kämilleşdirmek.
Lot №4. Bankyň baş binasyna, welaýat we etrap şahamçalaryna tor enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak.
Lot №5. Bankyň baş binasyna we welaýat şahamçalaryna serwer enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar tekliplerini şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça ýapyk bukjalarda tabşyryp bilerler.
Telefon belgileri:
+993 12 38-02-50
+993 12 38-03-84
Elektron salgysy:
dayhan@dayhanbank.gov.tm