Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
TDHÇMB
16.07.2025
22.07.2025
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmaty boýunça gyzyklanma bildirmek üçin ýüzlenme yglan edýär
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny hödürleýän (özüne degişli awtoulag parky we taýýarlykly sürüjileri bolan) ýerli kompaniýalary aşakdaky şertler esasynda üpjün etmek üçin gyzyklanma bildirmäge çagyrýar:
Uzak möhletleýin ylalaşyk (LTA) esasynda 1 (bir) ýyl möhlet bilen baglaşylar we zerurlyk ýüze çykan halatynda ýene 1 (bir) ýyl uzaldylyp bilner.
Hyzmatlar aşakdakylary öz içine alýar:
- Sürüji bilen Sedan görnüşli awtoulagy sagatlyk/günlük kärendesine bermek boýunça kesgitli bahalar;
- Sürüji bilen miniweni sagatlyk/günlük kärendesine bermek boýunça kesgitli bahalar.
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar degişli hyzmatlary hödürlemäge taýýardygyny tassyklaýan, kompaniýanyň gysgaça beýanyny we iş tejribesini (bahalary görkezmezden) öz içine alýan haty 2025-nji ýylyň 22-nji iýuly sagat 18:00-a çenli aşakdaky elektron salgysyna ibermeli: tuk-procurement@unicef.org.
Bulary hem okaň











