Balkan welaýat häkimligi ýollary abatlamak üçin gyra daşlaryny üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, Hazar şäherçesinde hem-de Türkmenbaşy etrabynda Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň jemagat hojalygy müdirliklerine degişli köçelerde we ýaşaýyş jaýlaryny ulanyş trestlerine degişli ýollarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gyra daşlaryny üpjün etmek boýunça ýerli gurluşyk kärhanalarynyň arasynda potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden talap edilýän resminamalar:
- Gatnaşyjy tarapyndan doly ady görkezilen bäsleşige gatnaşmak baradaky ýazmaça arza;
- Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşigiň teklipleri 2025-nji ýylyň 28-nji awgustyna çenli her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.


30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


