04.12.2025
16.01.2026
“Senagat” PTB-y daşarky auditor barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
TDHÇMB
03.09.2025
15.10.2025
“Türkmengaz” DK gaz turbina hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Türkmengaz” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan “DO49P” kysymly iki sany gaz turbina hereketlendirijilerini düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Tendere gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşik resminamalary almaly.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.
Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 40-32-40
(+99312) 40-32-50
Faks:
(+99312) 40-32-59
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň


30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


