Türkmenistan bilen Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi, 2026-njy ýylyň 23-nji noýabry, Moskwa, Russiýa (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi).

Moskwa şäherinde duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ýangyç-energetika pudagynda, senagat we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag-aragatnaşyk ulgamynda we sanly tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy.

Ynsanperwer ulgamda bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tekliplerini hem beýan etdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС