20.01.2026
02.03.2026

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamak boýunça №TDYUM-001 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, guramaçylyk-hukuk görnüşini, hukuk salgysyny we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • dalaşgäriň hasaba alyş we esaslandyryş resminamalarynyň göçürmesi;
  • dalaşgäriň ygtyýarly wekili üçin ynanç haty hem-de onuň pasportynyň nusgasy
  • tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalarynyň doly toplumyny almaly

Tender resminamalary üçin tender töleginiň hem-de pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bellik:

  • ofşor zolaklarynda bellige alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;
  • Bu ugurda meňzeş taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edarasynda 910-njy otagda (9-njy gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 39-06-27

+993 12 39-06-28

Elektron salgysy:

int@railway.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 162
Bulary hem okaň
2022