“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ekipažly awtokran ulagy bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýük göterijiligi azyndan 25 tonna bolan awtomobil kranyny ekipažy bilen üpjün etmek boýunça manatda we Russiýanyň pul birligi rublda №2026/08 belgili bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgyna iberilmelidir.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:
KhalilulinBS@tatneft.tatar
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin:
+993-65-83-18-99
Tehniki soraglar boýunça:
+993-61-05-97-59











