Aşgabat halkara howa menzili howa çalşygy we ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menzili menziliň çägindaki binalarda we desgalarda gurnalan howa çalşygy we ýyladyş ulgamlarynyň enjamlaryny abatlamak hem-de olara tehniki hyzmat bermek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Gyzyklanýan taraplar tender resminamalarynyň toplumyny almak üçin Aşgabat halkara howa menziline ýüz tutup bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin 1000 (bir müň) manat töläp (goşulan baha üçin salgydy we bank harajatlaryny hasaba almazdan) bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny alyň.
Tender teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň edarasynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 12 23-33-47
Faks:
+993 12 23-33-47
Elektron salgysy:
contract@ashgabatairport.gov.tm











