13.03.2026
27.04.2026

“Türkmennebit” DK awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparynyň adyndan konserniň kärhanalarynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamyny kämilleşdirmek we täze ulgamlary ornaşdyrmak boýunça taslamany işläp düzmek, degişli işleriň doly toplumyny ýerine ýetirmek hem-de bäsleşik tekliplerini taýýarlamak boýunça №203 belgili halkara bäskeşik yglan edýär

Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tmwww.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin belgileri:

+993 12 40-39-93

+993 12 40-39-90

+993 12 40-36-74

+993 12 40-30-67

Faks:

+993 12 40-39-24

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022