13.03.2026
30.03.2026

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy IM150–010 (INMAN) kran-manipulatory düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “KamAZ-43118” ýöriteleşdirilen ulagyna gurnalan “IM150–010 (INMAN)” kysymly kran-manipulatory düýpli abatlamak boýunça türkmen manadynda we Russiýanyň pul birligi rublda №2026/16 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgy arkaly iberilmelidir.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:

KhalilulinBS@tatneft.tatar

Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin:

+993-65-83-18-99

Tehniki soraglar boýunça:

+993-62-74-18-80

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022