Türkmenistanyn Energetika ministrligi energiýa bloklaryny abatlamak we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Energetika ministrligi tender toparynyň adyndan Mary döwlet elektrik stansiýasynyň №1 we №3 energiýa bloklaryny abatlamak hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär:
Bölünýän lot №2 – umumyzawod tehnologik enjamlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlary
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen Lot üçin 500 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBüS-i hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edileninden soň, bäsleşik teklipleri görkezilen salgy boýunça iberilýär we diňe töleg geçirilenden soň seredilýär.Bäsleşik teklibi iki möhürlenen ýapyk bukjada tabşyrylýar: birinde tehniki taraplary, beýlekisinde baha teklibi bolmalydyr. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 37-94-31
+993 12 37-94-33
Elektron salgysy:
tender@minenergo.gov.tm










