13.04.2026
24.04.2026

Türkmenabat Halkara howa menzili ýangyn söndüriji serişdelerini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat Halkara howa menzili ýangyna garşy pürküji köpürjik (пенообразователь) we ýangyn söndüriji ürgüni bilen üpjün etmek boýunça kotirowka görnüşde halkara bäsleşik yglan edýär

– Türkmenabat Halkara howa menzili üçin ýangyna garşy pürküji köpürjik (пенообразователь) we ýangyn söndüriji ürgüni satyn almak

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenabat Halkara howa menziliniň başlygynyň adyna arza ýazmaly. Bu hatda siziň bäsleşige gatnaşmaga taýýardygyňyz we talap edilýän tertipde tender tölegini tölemäge razylygyňyz görkezilmeli. Şeýle hem gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri ýazylmaly. Arza bilen birlikde gatnaşyjy kompaniýanyň hasaba alyş we esaslandyryjy resminamalaryny, ynanç hatyny hem-de ygtyýarly wekiliň pasportynyň nusgasyny tabşyrmaly.
  • pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 20 (ýigrimi) ABŞ dollary (şol sanda GBüS) möçberinde töleg tölemeli. Töleg Türkmenabat Halkara howa menzili tarapyndan hasap-faktura berlen gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda geçirilmeli.
  • bäsleşik tölegi yzyna gaýtarylmaýar
  • bäsleşik tölegi tölenenden soňra gatnaşyja ähli bäsleşik resminamalary iberiler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 17-nji apreline çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň 24-nji apreline çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993(422) 9-46-78

+993(422) 9-47-05

Elektron salgysy:

turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
2022