22.04.2026
31.05.2026

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy “GS1 Türkmenistan” web-saýtyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy “GS1 Türkmenistan” guramanyň web-saýtyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň maksady: halkara GS1 standartlaryna laýyklykda web-saýty toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şol sanda:

  • 2D-çyzykly şertli belgileri (DataMatrix, QR-kodlar) ornaşdyrmak we goldamak;
  • “Harydyň sanly pasporty” ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak;
  • amallary ýeňilleşdirmek üçin emeli aň (AI) gurallaryny girizmek;
  • bar bolan prosesleri döwrebaplaşdyrmak.

Hyzmatlaryň ýerine ýetiriljek ýeri: Aşgabat şäheri.

Gatnaşmak şertleri: tehniki ýumşy almak we arza tabşyrmak üçin gyzyklanma bildirýän kompaniýalar guramanyň ofisine ýüz tutmaly ýa-da elektron poçta arkaly ýüztutmalaryny ibermeli.

Arzalaryň kabul ediliş möhleti: 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli.

Tabşyrmagyň usuly: arzalar kagyz görnüşinde (guramanyň ofisine) ýa-da elektron görnüşinde aşakda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (12) 46-80-25

+993 (12) 46-80-26

E-poçta:

info@gs1-tm.org

Aşgabat ş., Atatürk köçesi, 82, “Berkarar” işewürlik merkezi, 9-njy gat, 14-nji ofis
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022