08.05.2026
01.06.2026

Türkmenabat halkara howa menzili ýolagçy terminalyndaky awtomatiki gapysynyň dolandyryş ulgamyny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynda ornaşdyrylan awtomatiki gapysynyň dolandyryş ulgamyny satyn almak boýunça kotirowka görnüşde ýerli bäsleşik yglan edýär

Türkmenabat halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynda ornaşdyrylan awtomatiki gapysynyň dolandyryş ulgamyny satyn almak  

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenabat halkara howa menziliniň başlygynyň adyna arza ýazmaly. Bu hatda siziň bäsleşige gatnaşmaga taýýardygyňyz we talap edilýän tertipde tender tölegini tölemäge razylygyňyz görkezilmeli. Şeýle hem gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri ýazylmaly. Arza bilen birlikde gatnaşyjy kompaniýanyň hasaba alyş we esaslandyryjy resminamalaryny, ynanç hatyny hem-de ygtyýarly wekiliň pasportynyň nusgasyny tabşyrmaly.
  • pul serişdelerini geçirmek üçin hasap fakturasy ýazmaça arza tabşyrylan mahaly berilýär.
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 70 (ýetmiş) manat (şol sanda GBüS) möçberinde töleg tölemeli. Töleg Türkmenabat halkara howa menzili tarapyndan hasap-faktura berlen gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda geçirilmeli.
  • bäsleşik tölegi yzyna gaýtarylmaýar
  • bäsleşik tölegi tölenenden soňra gatnaşyja ähli bäsleşik resminamalary iberiler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-05

Elektron salgysy:

turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022