Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
TDHÇMB
12.05.2026
08.06.2026
Türkmenabat halkara howa menzili iki kompanentli bitumy satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat halkara howa menzili, aerodromyň uçuş meýdanyny hemişe ulanyşa ýarawly ýagdaýda saklamak maksady bilen iki kompanentli bitumy satyn almak boýunça kotirowka görnüşli bäsleşik yglan edýär
Türkmenabat halkara howa menziliniň aerodromy üçin iki kompanentli bitumy satyn almak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenabat halkara howa menziliniň başlygynyň adyna arza ýazmaly. Bu hatda siziň bäsleşige gatnaşmaga taýýardygyňyz we talap edilýän tertipde tender tölegini tölemäge razylygyňyz görkezilmeli. Şeýle hem gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri ýazylmaly. Arza bilen birlikde gatnaşyjy kompaniýanyň hasaba alyş we esaslandyryjy resminamalaryny, ynanç hatyny hem-de ygtyýarly wekiliň pasportynyň nusgasyny tabşyrmaly.
- pul serişdelerini geçirmek üçin hasap fakturasy ýazmaça arza tabşyrylan mahaly berilýär.
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 70 (ýetmiş) manat (şol sanda GBüS) möçberinde töleg tölemeli. Töleg Türkmenabat halkara howa menzili tarapyndan hasap-faktura berlen gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda geçirilmeli.
- bäsleşik tölegi yzyna gaýtarylmaýar
- bäsleşik tölegi tölenenden soňra gatnaşyja ähli bäsleşik resminamalary iberiler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň maý aýynyň 25-ne çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ne çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993(422) 9-46-78
+993(422) 9-47-05
Elektron salgysy:
turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com
Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň










