11.06.2026
22.07.2026

"Türkmenhimiýa" DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan Bereket ýod zawody üçin aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №1 – Metal we gurluşyk önümleri

Lot №2 – Umumy zawod we tehnologiki enjamlar

Lot №3 – Elektrotehniki enjamlar we ölçeg serişdeleri

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar

Lot №7 – Beýlekiler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarylmazlyk şerti bilen 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önümleriň bahalary bilen täjirçilik teklibi bolmaly. Bäsleşik teklipli bukjada ähli resminamalaryň skanirlenen görnüşi “PDF” formatynda we “Excel” formatynda spesifikasiýa görkezilmelidir.

Bäsleşik teklipleriniň kabul edilýän salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132, 4-nji gat, 424-nji otag, "Türkmenhimiýa" Döwlet konserniniň Maddy–tehniki üpjünçilik bölümi.

Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmenhimiya.gov.tm web sahypasyndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022