03.07.2026
13.08.2026

«Türkmengeologiýa» DK Akpatlawuk känindäki gözleg guýusynda goşmaça buraw işleri boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik (tender) toparynyň adyndan Akpatlawuk känindäki №01 gözleg guýusynyň miosen (N1) gatlaklaryny aýratyn iş taslamasyna laýyklykda goşmaça burawlamak we özleşdirmek (synagdan geçirmek) boýunça №02/26 (1) belgili halkara bäsleşik yglan edýär (Bäsleşik bölünmeýär)

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin 1500 amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bäskeşik teklipli bukja berilýän bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk taýýarlanylmalydyr. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.tmgeology.gov.tmwww.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 40-34-62

+993 12 40-34-52

+993 12 40-34-54

Faks:

+993 12 40-34-53

Tehniki soraglar boýunça:

+993 12 40-34-13

+993 12 40-34-79

+993 12 40-34-66

Elektron salgylary:

tdk@tmgeology.gov.tm

marketing@tmgeology.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022