20.07.2026
18.08.2026

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma tölegsiz tertipde kabul edilýär.

Web sahypasy: www.mlsp.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-48-49

+993 12 39-48-93

Elektron salgysy:

mlsp@mlsp.gov.tm

Aşgabat, Arçabil şaýoly,156
Bulary hem okaň
2022