21.11.2026
04.12.2026

“PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy bäsleşik yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy “Blok - I” şertnamalaýyn çäkde Günbatar Garagol-Deňiz ýatagyny işläp taýýarlamak taslamasy üçin inžiniring, üpjünçilik, gurluşyk we ulanyşa bermek boýunça № PCT/B1/DEV/2026/016 belgili bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin hat/arza (tenderiň belgisini we adyny görkezmeli);
  • arza bermek hukugyna eýe bolan ygtyýarly wekiliň adyna berilen ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alynan kompaniýalar üçin bellige alyş resminamalarynyň göçürmeleri (eger bar bolsa);
  • degişli iş tejribesiniň sanawy

Arzalar bildiriş neşir edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tendersecretarytkm1@petronas.com.my

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022