Begliýew: Türkmenistan halkara maýadarlara “Galkynyşy” özleşdirmek boýunça taslamalary hödürläp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Begliýew: Türkmenistan halkara maýadarlara “Galkynyşy” özleşdirmek boýunça taslamalary hödürläp biler
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew TEIF 2024 halkara forumyň çylyş dabarasynda çykyş edýär, 2024-nji ýyyň 24-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistan halkara maýadarlara dünýäniň gury ýer giňişligindäki iň iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz känini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary teklip edip biler diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew çarşenbe güni, Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara forumyň (TEIF 2024) açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetinde habar berilýär.

“Türkmenistan halkara maýadarlara dünýäniň gury ýer giňişligindäki iň iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz känini, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki geljegi uly bloklary özleşdirmek, Gün we ýel energetikasyny netijeli ösdürmek hem-de dünýä bazarlaryna ygtybarly, durnukly, ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini ibermek boýunça taslamalary teklip edip biler” diýip, Aşyrguly Begliýew aýtdy.

Pariž şäherinde geçirilýän forum Türkmenistanyň energetika toplumyna, şol sanda nebit we gaz serişdelerini gazyp almaga, daşamaga, gaýtadan işlemäge, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, ulag hem-de gurluşyk pudaklaryna, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny gaýtadan işlemegiň ekologiýa taraplaryna daşary ýurt maýalaryny çekmegi maksat edinýär.

Türkmenistany ösdürmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Hazar deňiziniň türkmen bölegindäki ygtyýarly bloklary özleşdirmäge gatnaşmak wezipeleri, önüm berýän guýulardan nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, ýerasty gaz saklaýyş desgalaryny gurmak; senagat desgalaryny ulanmaga bermek boýunça taslamalar bar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi nygtady.

Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) Fransiýanyň paýtagty Parižde çarşenbe güni öz işine başlady. Şeýle-de Pariž forumy Türkmenistanyň deňiz çäklerindäki ýataklary özleşdirmäge maýa goýumlary mundan beýläk-de çekmäge bagyşlanar we deňiz çäklerindäki 16-njy, 21-nji, 23-nji we 24-nji bloklara aýratyn üns berler.

2022