Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy
Nowruz baýramçylygy Astana şäher seýilgähinde geçirildi we oňa diplomatik wekilhanalaryň, şäher häkimliginiň wekilleri we raýatlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy 22-nji martda Astana şäher häkimligi tarapyndan gurnalan Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berdi.

Nowruz baýramçylygy Astana şäher seýilgähinde geçirildi we oňa diplomatik wekilhanalaryň, şäher häkimliginiň wekilleri we raýatlar gatnaşdy.

Türkmen diwarlygy milli görnüşinde ýurtada (ak öý) bezelip, onda milli egin-eşikler, şaý-sepler, senetçilik önümleri görkezildi we milli tagamlar hödürlendi. Çäräniň dowamynda myhmanlar türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşdylar.

Şeýle hem türkmen talyplary sahnada milli halk aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirdiler. Astana şäher häkimliginiň wekilleri türkmen ak öýüne baryp, serginiň guralyşyna we türkmen halkynyň myhmansöýerligine ýokary baha berdiler.

Türki döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen birlikde Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy 20-nji martda Astanada geçirilen türki döwletleriň tagamlarynyň sergisinde milli türkmen tagamlaryny görkezdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022