Hytaý–Merkezi Aziýa ýurtlary täze ösüş maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Hytaý–Merkezi Aziýa ýurtlary täze ösüş maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy, Sian, Hytaý, 2023-nji ýylyň 19-njy maýy (Surat: Reuters.com)

Hytaý Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan bilen ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga we olaryň ählisini döwrebaplaşdyrmakda ýardam bermäge taýýar diýip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin anna güni Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “China Daily” gazeti habar berdi.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Sammitiň dowamynda, taraplar daşary gatnaşyklar, ykdysadyýet, söwda, gümrük, senagat we maýa goýumlary, oba hojalygy, ulag, adatdan daşary ýagdaýlar, bilim hem-de syýasy partiýalar boýunça duşuşyklar we gepleşikler mehanizmlerini döretmek arkaly institusional gurluşy berkitmek boýunça ylalaşyk gazandylar. Söwdany ýeňilleşdirmek boýunça çäreleri, ikitaraplaýyn maýa goýum ylalaşyklaryny we oba hojalyk önümleriniň gümrük taýdan resmileşdirilmegini ýönekeýleşdirmek üçin"ýaşyl zolaklar" durmuşa geçiriler.

Şeýle hem Hytaý serhetaşa ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmagy, Transhazar halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine ýardam bermegi, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan we Hytaý-Täjigistan-Özbegistan awtoulag ýollarynyň hereket kuwwatyny ýokarlandyrmagy we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly boýunça geňeşmeleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, sammitiň dowamynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa ösüş hyzmatdaşlygyny döretmegi, şeýle hem şorlaşan ýerleri we suw tygşytlaýjy suwaryşy gowulandyrmagy we peýdalanmagyAral deňziniň çökgünliginiň öňüni almak üçin “ýaşyl” innowasiýalary ösdürmegi teklip etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna sebitdäki ösüşi we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen 26 milliard ýuan (3,8 milliard ABŞ dollary) maliýe goldawyny we grantlary bölüp berer.

Bulardan başga-da, sebitleriň arasyndaky dialogy güýçlendirmek üçin “Medeni ýüpek ýoly” maksatnamasy, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda has köp adaty däl lukmançylyk merkezleri dörediler. Şeýle hem Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlaryna hukuk goraýjy, howpsuzlyk we goranyş mümkinçiliklerini ösdürmek we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýardam bermegi teklip etdi. "Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni we syýahatçylyk paýtagty maksatnamasyny işe girizeris we Merkezi Aziýada medeni syýahatçylyk üçin ýörite otly hyzmatlaryny açarys" diýip, Prezident Si Szinpin sammitde eden çykyşynda aýtdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammiti 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler.

2022