Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Änew şäherinde köpçülikleýin çäreleri geçirdi

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Änew şäherinde köpçülikleýin çäreleri geçirdi
“Ýaşlar we ösüş” ady bilen geçirilen maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan gelejekki hünärmenler dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýerleşýän “Gujurly bilim merkeziniň” Änew şahamçasynda şu ýylyň 5-6-njy iýulynda iki sany çäre, ýagny “Ýaşlar we ösüş” maslahaty we “21-nji asyrda çaga terbiýesi” atly forum geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Bu çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Ýaşlar we ösüş” ady bilen geçirilen maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan gelejekki hünärmenler dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň “Maglumat beriş” bölüminiň meýletinçi ýaş hünärmenleriniň çykyşlary çagalaryň we ýetginjekleriň bilim almana bolan höwesini has hem artdyrdy.

Şeýle hem 6-njy iýulda geçirilen “21-nji asyrda çaga terbiýesi” atly foruma birnäçe körpeje çagalar öz ene-atalary bilen gatnaşdylar. Forumda Kakajan Agajykow, Sylap Ataýew, Merdan Amanýazow, Merdan Şadurdyýew ýaly tejribeli mugallymlar dürli temalar boyunça çykyş etdiler. Şeýle-de foruma gatnaşan ene-atalar özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly ýokary hünärli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

2022