Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Manas” Halkara howa menzilinde garşylanylýan pursady, 202--nji ýylyň 13-nji oktýabry, Bişkek (Surat: Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň habar bermegine görä, Bişkek şäherinde ýerleşýän “Manas” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy, ýurduň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Habarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygy bellenilýär. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Şu ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hem gatnaşarlar.

Suratlar: Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022