Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Belgiýa iş saparynyň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe guramalary we kompaniýalary bilen aýratynlykda gepleşikleri geçirdiler. Olaryň çäklerinde Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezleriniň açylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Eksport we maýa goýumlar boýunça Wallon agentliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem “Philips” we “Picanol” kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Mämmethan Çakyýew öz gezeginde Antwerpen deňiz portunyň ýolbaşçylary, “Cargolux”, “Exagon” “Global BV”, “Royal IHC” we “DEME” kompaniýalarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Duşyşyklaryň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin enjamlary ibermäge, geljegi uly taslamalary öwrenmäge, sanlylaşdyrmak işine, häzirki zaman tehnologiýalary ulanmaga, telekeçiligi ösdürmäge, maýa goýum işjeňligine üns berdiler.
Mundan başga-da, söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini hem-de işewürlik we maýa goýum üçin hukuk gurşawy gowulandyrmakda teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Şu ýylyň 18-nji martynda türkmen wekiliýeti we Ýewropa Bileleşiginiň işewürler jemgyýetiniň wekilleri “Türkmenistan we ÝB: täze ykdysady hyzmatdaşlyga barýan ýolda” ady bilen “tegelek stol” maslahatyny geçirdiler.
Gibrid görnüşinde geçirilen çäre dürli ýurtlardan 120-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Onda energetika, maýa goýum we söwda ýaly esasy ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrýar.