Türkmenistan Halkara Nowruz gününi belleýär

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi belleýär
Halkara Nowruz baýramyndan bir pursat. Ahal welaýaty, Türkmenistan, 2024-nji ýylyň 21-nji marty

Türkmenistan Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz gününi giňden belleýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar sişenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli ähli watandaşlary tüýs ýürekden gutlady. 

“Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ony giňden bellemek bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirip gelipdir. Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyn gatlagynda bellenilýär. 

Bu baýram mynasybetli ýurduň ähli ýerinde medeni çäreler, sergiler we konsertler geçirilýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen Nowruz baýramy ýaz paslynyň gelmegini we tebigatyň gaýtadan janlanýandygyny aňladýar.

2022