“Türkmeniň ak öýi” binasynda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi

“Türkmeniň ak öýi” binasynda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlar garşy alynýar, 2024-nji ýylyň 26-njy marty, Ak bugdaý etraby, Ahal welaýaty, Türkmenistan.

Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda sişenbe güni Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürer diýip umyt edýärin. Şolaryň hatarynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyň, “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahatynyň we türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň işgärleriniň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisiniň biziň halklarymyzyň medeniýet we sungat wekilleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygynyň kämilleşmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm çärä gatnaşyjylara iberen gutlagynda bellenilýär.

“Nowruz ýaýlasynda” badalga berlen dabaralara ýurduň Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahata, “Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi” atly metbugat maslahatyna, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri Türkmenistana geldiler.

Bu ýerde aýdym-sazly dabaralar, şeýle hem dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary, suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň mejlisler zalynda giň gerimli baýramçylyk konserti guraldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Mundan başga-da, medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022