“Iş Nokady” Aşgabatda üçünji koworking-merkezini açdy

“Iş Nokady” Aşgabatda üçünji koworking-merkezini açdy
“Iş Nokady” kompaniýasynyň “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde açylan üçünji koworking-merkezi, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

“Iş Nokady” kompaniýasy 1-nji iýunda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde özüniň üçünji koworking-merkezini açdy.

Bu täze merkezde ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap we rahat iş ýerleri hödürlenilýär. Bu ýerde ähli isleg bildirýänler öz biznesini ösdürip, pikirdeş adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýup, işewürlik çärelerine we okuw seminarlaryna gatnaşyp, hem-de işewür duşuşyklary geçirip, täze hyzmatdaşlary tapyp öz işewürlik ulgamyny giňeldip bilerler.

“Iş Nokady” koworking-merkezi ýerleşýän ýeriniň amatlylygy, ýerleriniň sanynyň artdyrylmagy, häzirki zaman enjamlar, netijeli işlemek üçin oňaýly mebeller, kuwwatly kompýuter we ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilen amatly gurşawy bilen tapawutlanýar. Koworking merkezinde dynç almak üçin ýerler, kitaphana ýerleşýär. 150 adamlyk mejlisler jaýy bolsa dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.

Şeýle hem “Iş Nokady” koworking-merkezi işewürlik çärelerini, işewürligi ösdürmek we bilimleri kämilleşdirmek üçin okuw maslahatlary hem-de ussatlyk sapaklaryny guraýar.

“Iş Nokady” koworking-merkezi Türkmenistandaky telekeçiler, işewürlik başlangyçlar we IT-hünärmenleri üçin innowasion giňişlikdir. “Iş Nokady” rahat we enjamlaşdyrylan iş ýerlerini, gepleşik otaglaryny, dynç alyş ýerlerini, işewürlik baradaky kitaplary we okuw çärelerini hödürleýär.

2022