Ukrainada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Ukrainada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy, 2024-nji ýylyň 27-nji iýuny

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli penşenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ukrainanyň halk deputatlary, Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, orta we aýdym-saz mekdepleriniň, Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýalaryň, Kiýew şäheriniň kitaphanalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň wekilleri, žurnalistler, türkmen talyp ýaşlary beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gül goýmak dabarasyndan soň myhmanlar Türkmenistanyň Ilçihanasyna çagyryldylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew çykyş edip, öz çykyşynda halk senetleriniň ussatlarynyň we Türkmenistanyň sungat işgärleriniň ýokary üstünliklerini belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda geçirilýän işler barada hem-de, şu ýylyň oktýabr aýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda Döwlet we hökümet ýolbaşçylary derejesinde Sammitiň geçiriljekdigi bellenildi.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar kitaplaryň sergisi, medeniýet mowzugyndaky suratlar we türkmen halkynyň milli egin-eşikleriniň nusgalary bilen tanyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022