“Royal Palace” Ýewropa 7 günlük syýahat aksiýasyny hödürleýär

“Royal Palace” Ýewropa 7 günlük syýahat aksiýasyny hödürleýär
Berkarar söwda merkezindäki “Gold Palace” dükany, Aşgabat, Türkmenistan

Öý we edaralaryň içki gözelligi üçin brend kärhanalaryň öndürýän naýbaşy harytlary hem-de sungat eserleri bilen üpjün etmek ulgamynda ýöriteleşen “Royal Palace” kompaniýalar topary “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde “Sungat we gözellik dünýäsine ýatdan çykmajak 7 günlük syýahat” atly aksiýasyna başlamak bilen özüniň 10 ýyllygyny belleýär.

Aksiýanyň ýeňijileri Milan, Wenesiýa, Rim we Pariž şäherleri ýaly Ýewropanyň ösen medeni merkezlerinde 7 gün bolmaga mümkinçilik alarlar. Bu saparyň  maksatnamasy Milanyň ybadathanasy, gadymy Wenesiýa, Rimdäki Kolizeý, Kapitoliý muzeýleri, Luwr, Eýfel diňi ýaly taryhy ýerlere gezelençleri hem-de “La Skala” teatrynda boljak gyş konsertine tomaşa etmekligi öz içine alýar.

Mundan başga-da, ýeňiji bolanlar “Buccellati”, “Bvlgari”, “Roberto Coin”, “Baccarat”, “Christofle”, “Pasquale Bruni” we “Utopia” ýaly brend kompaniýalaryň baş hem-de döredijilik (kreatiw) direktorlary bilen duşuşarlar. Maksatnamada Italiýadaky “Buccellati” we “Pasquale Bruni” hem-de Fransiýadaky “Christofle” kompaniýalarynyň önümhanalaryna gezelençler göz önünde tutulandyr. Gatnaşyjylar bu ýerlerde sungat eserlerini döretmek işiniň alnyp barlyşyny synlap bilerler.

Dünýäniň meşhur adamlary we brendleriň dizaýnerleri bilen ýapyk görnüşdäki tanyşlyk we agşamlyk nahary, Mişlen ýyldyzlary bilen hyzmatyň aňrybaş derejä eýedigini tassyklaýan belli italýan we fransuz restoranlaryndaky günortanlyk naharlary, “Baccarat” öýüne baryp görmek we onuň Pariž şäherindäki meşhur kristal restoranyndaky agşamlyk nahary syýahatyň dowamynda boljak beýleki möhüm pursatlaryna degişlidir.

Ýeňijileriň ählisi brend kompaniýalaryndan çakylyga we wiza kömeklerine hem-de awiapeteklere we beýleki logistika hyzmatlaryna çykjak çykdajylara pul serişdelerini alarlar. Maksatnama gatnaşýanlaryň dört we bäş ýyldyzly myhmanhanalarda bolmaklary üpjün ediler. Şeýle hem gatnaşyjylar gönüden-göni brendleri döredijilerden kärhana bahasyndan 20 göterim arzanladyş bilen harytlary satyn almaga mümkinçilik alarlar.

Aksiýa gatnaşmak üçin “Berkarar” SDAM-daky “Villeroy&Boch” we “Gold Palace” butikleriniň alyjylary 19-njy iýun - 19-njy dekabr aralygynda 20 müň manat möçberde haryt satyn almaly. Şu möçberdäki her bir söwdadan soň alyjylar bijeli oýna gatnaşmak üçin belgilenen talon alarlar. Bijeli oýun dekabr aýynyň ahyrlarynda ýapyk baýramçylyk agşam nahary görnüşde guralar.

Aksiýanyň şertlerine görä, söwda edýän gününde gatnaşyjylara önüm öndürijiniň web-saýtynda görkezilen ähli brend kompaniýalaryň harytlaryna 7 göterim arzanladyş hödürlenýär. Tejribeli maslahatçylar müşderilere kod we harydyň belgili nyşany arkaly her bir önümiň bahasyny bilmäge ýardam ederler.

Aksiýanyň çäklerinde belgilenen 1001 sany talon çykarylýar. Her bir 100 talonyň içinde “Sungat we gözellik dünýäsine “Royal Palace” kompaniýalar topary bilen ýatdan çykmajak 7 günlük syýahat” atly 1 “altyn” kart hem-de kompaniýanyň butiklerinde söwda etmek üçin bahasy 5000 manatdan 20 000 manada çenli bolan 9 sany giňeldilen sowgatly kartlary göz öňunde tutulandyr.

Goşmaça maglumat almak üçin “Villeroy&Boch” we “Gold Palace” kompaniýalarynyň şu salgydaky butiklerine ýüz tutuň: “Aşgabat, “Berkarar” SDAM, 1972-nji (Atatürk) köçesi, 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri:

“Gold Palace”:

+993 (12) 46-88-00,

+993 62 70-69-70;

“Villeroy&Boch”:

+993 (12) 46-88-99,

+993 62-42-44-55. 

Instagram:

@gold.palace.tm;

@villeroyboch.tm;

@royalpalace_tmm.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022