Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir sebitiniň medeni baýlygyny öwrenýärler

Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir sebitiniň medeni baýlygyny öwrenýärler
Urla şäherinde ýerleşýän Zeýtun ýagy muzeýi, Türkiýe

Türkmen žurnalistlerinden ybarat topar Izmir sebitiniň Urla şäherinde ýerleşýän Zeýtun ýagy muzeýinde we ony taýýarlamak boýunça ussahanada bolup, gadymy Efes şäherine hem-de Efes tejribesi muzeýine baryp gördüler.

Zeýtun ýagy muzeýinde syýahata gatnaşýanlar zeýtun hasylyny ýygnamakdan başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýag önümçiligi barada giňişleýin öwrendiler. Usshanada olara ýerli ussalaryň ulanýan däp bolan usullary görkezildi. “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň wekiliniň habar bermegine görä, “Biznes Türkmenistan” “THP”, “Orient”, “Türkmenportal”, “In Ashgabat” we “News Central Asia” neşirleriniň hem-de “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň wekilleri zeýtun ýagynyň Türkiýäniň medeniýetinde we ykdysadyýetinde ähmiýetli orny eýeleýändigini bellediler.

Ussahana bolan gezelençden soň, wekiliýet topary Efes şäherine ugradylar. Bu ýerde olar Sels kitaphanasy we Artemida ybadathanasy ýaly meşhur taryhy ýadygärlikleri synladylar. Efes tejribesi muzeýi žurnalistlere interaktiw sergileriň we multimediýa tehnologiýalyň üsti bilen şäheriň gadymy taryhyna aralaşmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.

“Bu desgalara baryp görmek biziň üçin hakyky açyş bolup, ol sebitiň taryhyna we däp-dessurlaryna çuň düşünmäge mümkinçilik berýär” diýip, “Biznes Türkmenistan” internet-neşiriniň wekili aýtdy.

Ýurtlaryň arasynda tejribeleriň şunuň ýaly alşylmagy häzirki dünýämizde aýratyn ähmiýetli bolan medeni ulgamda gatnaşyklary berkitmäge we özara düşünişmegi ösdürmäge şert döredýär.

Türkmen žurnalistlerinden ybarat topar Türkiýäniň Izmir sebitinde ýerleşýän gözel Alaçaty şäherine baryp görüp, bu ýerdäki Urla köçesine aýratyn üns berdiler. Bu giň köçe döredijiligiň we gaýtalanmajaklygyň gurşawyny döredýän ýerli el işleriniň, senetçiligiň we sungat esbaplarynyň giň dürlüligi bilen giňden tanalýar. Žurnalistler bu ýerde her ädimde görkezilen baý medeni mirasa gyzyklanma bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022