Brýussel şäheriniň Sablon çeperçilik etrabynda ýekşenbe güni Türkmenistanyň bezeg-amaly sungatyna bagyşlanan sergi geçirildi. Dabaranyň myhmanlary Türkmenistanyň baý taryhyny we özboluşly aýratynlyklaryny görkezýän däp bolan bezegleri, halylary, dokma önümleri hem-de bezeg-amaly sungatynyň beýleki eserlerini synlamaga mümkinçilik aldylar diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Bu çäre diplomatlary, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini, Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti bilen gyzyklanýan belli medeniýet we sungat işgärlerini bir ýere jemledi. Çäre Ýelena Haritonowanyň ýolbaşçylygyndaky “Central-Asian European Creative Alliance” başlangyjy hem-de Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy we Şeker Akanýazowyň “Keşde” art-studiýasy tarapyndan guraldy.
Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda medeniýet ulgamynyň aýratyn orun eýeleýändigini belledi. “Medeniýetiň hem edil Bitaraplyk ýaly serhedi ýokdur. Ol özara düşünişmäge ýardam etmek we ynanyşmagy berkitmek bilen adamlary jebisleşdirýär” diýip, nygtan ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi barada hem durup geçdi.
Sergi Türkmenistanyň gadymyýetden alyp gaýdýan medeni özboluşlylygynyň ähmiýetini açyp görkezdi. Çäräniň maksatnamasy myhmanlara häzirki döwürde goralyp saklanylýan köpasyrlyk däplere çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre medeniýetiň serhetlerden geçip, dürli ýurtlary birleşdirmek bilen adamlaryň arasynda ählumumy köpri bolup hyzmat edip bilýändigini görkezýän aýdyň mysala öwrüldi.
Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy