2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde Mihael Zukkow gaznasy (MSF, Germaniýa) we Iri landşaftlary goramak merkezi (CLLC, ABŞ) ýaly halkara ekologiýa guramalarynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň transmilli obýekti hökmünde Köýtendag we Surhan goraghanalaryny bu guramanyň Sanawyna hödürlemek meselelerini maslahatlaşmak duşuşygyň esasy özenini düzdi diýip, Türkmenistanyň daşky gurşawy we tebigaty goramak işleri baradaky web-saýty habar berýär.
Köýtendag goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak baradaky işlere 2015-nji ýylda badalga berlipdi. Şonda Türkmenistan “Köýtendagyň dag ekoulgamy” atly hödürnamasy bilen tanyşdyrypdy. Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň bilermenleriniň tehniki barlaglary geçirilenden soň, Köýten daglarynyň ekoulgamynyň aýawly saklanylyşyny üpjün etmek maksady bilen Surhan goraghanasy bilen bilelikde degişli transmilli hödürnamany hödürlemek teklip edildi. Bilermenler tarapyndan geljekki işler hem-de hödürnamany gaýtadan hödürlemek boýunça teklipleri işlenilip düzüldi.
1986-njy ýylda döredilen Köýtendag goraghanasy Türkmenistanyň gündogaryndaky Köýten daglyk çäginde ýerleşip, 27100 gektar meýdany eýeleýär. Onuň çäginde seýrek duş gelýän görnüşler, şol sanda burma şahly geçiler, garagulaklar, goňur aýylar, barslar, tegmilli syrtlanlar we guşlaryň 155 görnüşi duş gelýär.
Goraghana jemi 90 müň gektara golaý çägi bolan Garlyk, Hojapil we Hojaburjybelent çäkli goraghanalaryny özünde jemleýär. Garlyk çäkli goraghanasy karst gowaklaryň we ýerasty kölleriň, Hojaburjybelent bolsa Köýtendagdaky pisse tokaýlyklaryň goralýan mekanydyr. Hojapil çäkli goraghanasy paleontologiýa döwrüne degişli ýadygärlikleri, şeýle hem dinozawrlaryň aýak yzlary bilen giňden giňden bellidir.
Surat: Large Landscape Conservation