Türkmenistanyň Prezidenti bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabara, 2025-nji ýylyň 27-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Halkara atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 
Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmeniň ak öýleri ýerleşdirilen gadymy türkmen obasynyň keşbini janlandyrýan, halylaryň, sungat eserleriniň, köpasyrlyk atçylyk däplerini şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň sergisini synlady. Milli zergärçilik sungatynyň baý mirasyny görkezýän atlaryň bezeg esbaplary uly gyzyklanma döretdi. 

Serdar Berdimuhamedow güýç-gaýraty, çeýeligi we gadymy söweş tilsimleri görkezýän göreş sportunyň ussatlarynyň çykyşlaryna hem tomaşa etdi. Estrada artsitleriniň we tans toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. 

At çapyşyklar dabaralaryň esasy wakasyna öwrüldi. Dürli aralyga geçirilen 7 sany at çapyşykda Türkmenistanyň iň öňdebaryjy çapyksuwarlary we bedewleri ýokary tizligi, çydamlylygy we ussatlygy görkezdiler. 1800 metr aralyga bolan jemleýji at çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly bedew ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Çäräniň ahyrynda baýramçylyk mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş we konkur ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Iň tapawutlanan çapyksuwarlar gymmat bahaly sowgatlar, pul baýraklary we diplomlar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taýýarlanylan haly sowgat berildi. 

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022